Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisi geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy mekanynda binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi.

Birinji mejlise Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow, Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, Gaznanyň prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, Gaznanyň Iş dolandyryjysy K.Babaýew, onuň hukukçysy M.Hojamberdiýewa, şeýle hem Gaznanyň media-habarlar wekili A.Jepbarow, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, şeýle hem Gaznanyň öz işine başlamagy, onuň işiniň guralyşy hem-de işleriň alnyp barylyşy hakyndaky we beýleki meseleler girizildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Oguljahan Atabaýewa “Arkalaşygyň modasy atly halkara foruma gatnaşdy
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy