Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Arkadag medaly bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy dekabrda degişli Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Permanda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bu ýokary sylag bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly derejede gatnaşmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmeginde, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş edaralarynyň işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, hemaýata mätäç çagalara, ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary, usuly taýdan ýardam bermek işine goşan uly goşandy, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan üstünlikleri üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmeti nazara alnyp sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäre geçirildi
Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň täze agzalary jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellendi
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Diňle: Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY