Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar

Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar

Hazar deňzi bilen serhetleşýän ýurtlaryň hazarýaka sebitleriniň häkimleriniň ilkinji forumy 18-nji noýabrda Eýranyň Reşt şäherinde öz işine başlady. Çäre “Hazar — dostlugyň we sebitleýin ösüşiň köprüsi” şygary astynda geçýär. Bu barada IRNA agentligi habar berýär.

Eýran başlangyjy bilen geçirilýän bu foruma Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň wekiliýetleri gatnaşýar.

Forumyň iş maksatnamasy üç esasy paneli öz içine alýar: Ykdysady hyzmatdaşlyk maýa goýumlar, söwda, oba hojalygynda hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk; Ulag we tranzit “DemirgazykGünorta” halkara geçelgesini ösdürmek, deňiz we demir ýol gatnaşyklaryny giňeltmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek; Daşky gurşawy goramak Hazaryň ekoulgamyny dikeltmek, suw-batgalyk meýdanlaryny gorap saklamak, balykçylyk pudagyny durnukly dolandyrmak we “ýaşyl” ykdysadyýeti öňe sürmek.

Çäräniň açylyş dabarasynda Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi çykyş edip, çykyşynyň dowamynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň indiki aý Gazagystana we Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparlary barada maglumat berdi.

Hazarýaka häkimleriň birinji forumy 2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda öz işini tamamlar.

Ýene degişli makalalar

“Eýran Hüjümlere Degişli Gaýtawuly Görkezer”
Eýran ABŞ-nyň Güýçlerine Guralan Hüjüm Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi
Eýranda bir esger 5 gullukdaşyny öldürdi
Eýranyň nebit ministri Türkmenistanda saparda bolýar
Eýran, “Sebitdäki Terror we Içaly Merkezlerini” Nyşana Aldy
Eýran, Ýemene Guralan Howa Hüjümini Ýazgardy