HEA: 2050-nji ýyla çenli dünýäde nebit we gaza bolan isleg artar

Halkara energiýa agentligi (HEA) dünýäde nebit we gaza bolan isleginiň 2050-nji ýyla çenli artyp biljekdigini habar berdi. Çünki ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikan kompaniýalaryny nebit we gaz önümçiligini has-da ösdürmäge çagyrdy.

Halkara energiýa agentligi özüne agza ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýär, ABŞ bolsa bu gurama iň uly maliýe goşandyny goşýar.HEA-nyň seljermesi we maglumatlary dünýäniň dürli künjeklerinde hökümetleriň we kompaniýalaryň energiýa syýasatyny kesgitleýär.

Golaýda Halkara enerji agentligi tarapyndan çap edilen ýyllyk “Dünýä energetikasynyň ösüşiniň geljegi” atly hasabatda, häzirki syýasat dowam eden halatynda, nebite bolan islegiň asyryň ortalaryna çenli günde 113 million barrele ýetjekdigini, bu bolsa 2024-nji ýyldaky sarp edilişden, takmynan, 13% ýokary boljakdygyny çaklady.

HEA şeýle hem global suwuklandyrylan tebigy gaz bazarynyň 2024-nji ýylda, takmynan, 560 milliard kub metrden 2035-nji ýylda 880 milliard kub metre we 2050-nji ýylda 1 020 milliard kub metre çenli ösjekdigini çaklaýar.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki sinagoglaryň biriniň aşagynda gizlin tuneller tapyldy
Meşhur aktwist barada täze film
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
A MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT WAS HELD AT THE MINISTRY OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN
Russiýanyň kärhanalarynda iş ugurlary boýunça ýiti ýetmezçilik duýulýar