Hemişe ulgamda: internet hyzmaty ähli ýerde

Hemişe ulgamda: internet hyzmaty ähli ýerde

Häzirki wagtda köp iş gönüden-göni intetnet bilen bagly bolup durýar.Dürli hünärlerde zähmet çekýän adamlar ýa-da gündelik işleriňi ýerine ýerine ýetirmek üçin internet aragatnaşygyna zerurlyk duýulýar. Ýurdumyzda hem aragatnaşygyň bu usuly giňden ornaşdyrylýar. TM CELL (Altyn Asyr ÝGPJ) milli operatory internet-bukjalarynyň giň toplumyny hödürleýär.

Internetden has köp peýdalanýan ulanyjylar üçin iň amatly çözgütleriň biri hem 20 GB möçberindäki internet-bukjasy hödürlenýär.Bu bukja agramly wideomazmunlar, grafiki maketler bilen amatly işlemäge, wideomaslahatlara gatnaşmaga we ýurdumyzyň islendik nokadynda taslamalary dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Internet-bukjasyny *0850*200# USSD-buýrugyny ulanmak arkaly smartfona birikdirip bolýar. Beýleki nyrhnamalar baradaky giňişleýin maglumatlar TM CELL operatorynyň resmi saýtynda elýeterlidir.

Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bolsa, öýüň ýa-da edara-kärhananyň daşynda durnukly we çäksiz internete zerurlyk duýýanlara TELECOMWIFI ulgamyny hödürleýär.Bu hyzmat şäheriň has köp adamly, dynç alyş ýerlerinde işlemegi makul bilýänler üçin uly ýeňillik döredýär.

Häzirki wagtda ýokary tizlikli Wi-Fi hyzmaty paýtagtymyzyň Berkarar, Arkaç we Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkezlerinde, şäher bazarlarynda hem-de Altyn asyr Gündogar bazarynda, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde, şeýle hem Arçman, Baýramaly, Mollagara, Farap, Daşoguz we Bagabat şypahanalarynda elýeterlidir.

Nyrhnamalar ulgamy ulanyjynyň zerurlygyna görä, amatly görnüşde düzülipdir. Internet hyzmatyna bir sagatlyk, bir gije-gündizlik ýa-da bir aýlyk möhlet bilen çäksiz birigip bolýar. Şypahanalarda bolsa dynç alýanlar üçin bolsa, 10 günlük ýörite amatly nyrhnamalar hem göz öňünde tutulandyr.

Hyzmatlaryň nyrhy we ähli nokatlaryň ýerleşýän ýerleri barada jikme-jik maglumatlary degişli resmi saýtdan tapyp bilersiňiz. Goşmaça soraglar üçin 071 belgä jaň edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Hemişe onlaýn: TELECOMWIFI we TM CELL-iň amatly internet teklipleri
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
“TM CELL” we “Türkmentelekom” internete elýeterliligi giňeldýär
Ýurdumyzyň teatrlarynda 22-27-nji sentýabrda aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
Aşgabatda öýlere çekilen WiFi Internet aragatnaşygynyň hili ýaramazlaşdy
“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ telekeçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar