Şu gün paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi.Bu duşuşyk iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrülip, iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Hökümetara komitetiň umumy mejlisiniň öňüsyrasynda komitetiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar döwletara dialogyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň şahsy tagallalary netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýän hil taýdan täze tapgyra çykarylandygy nygtaldy.
Plenar mejlisde çykyş edenler iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan özara gatnaşyklaryň nusgalyk derejesini görkezýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.Geçen ýyllaryň dowamynda hökümetara komitetiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigi aýdyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi.Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport ugurly harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Hytaýa gaz ulgamynda uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar.Komitetiň agzalary hereket edýän şertnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi taslamasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini ibermegiň möçberini artdyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişini nazara almak bilen, taraplar Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynyň Bir guşak, bir ýol hytaý-başlangyjy bilen utgaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.
Multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmegi Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr akymlary ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe beýleki ugurlaryna-da deglip geçildi.Hususan-da, demir ýol ulgamynda häzirki döwrüň barha artýan isleglerini, şol sanda täze ýükleriň getirilýändigini, bu pudagyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nazar alyp, demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda degişli taslamalaryň üstünde işlemek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Şonuň ýaly-da, logistika taslamalaryna üns berildi.
Ulag-logistika ulgamyny öz içine alýan möhüm işleriň alnyp barylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ähmiýetlidir. Şoňa görä, bu ugurda täze taslamalaryň üstünde işlemek we ozalky ulgamlary döwrebaplaşdyrmak barada degişli teklipler aýdyldy.
Lebap welaýatynyň Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmak babatda beýan edilen teklipleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça işler dowam etdirilýär.
Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde mynasyp orna eýe boljak ähmiýetli başlangyja öwrüler.Türkmenistanyň senagat pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.Himiýa, dokma, gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamlarynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hytaý tarapy sanlylaşdyrmak, önümçilige ýokary tehnologiýaly çözgütleri ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady.Oba hojalygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.Taraplar oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek üçin oba hojalyk ugurly ylmy-barlag institutlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi.
Innowasion ösüş, sanly tehnologiýalar meseleleri hem maslahatlaşyldy.Milli ykdysadyýetini düýpli özgertmegi maksat edinýän Türkmenistan Hytaýyň akylly şäherleri gurmak, elektron söwdany ösdürmek, döwlet dolandyryşyna we durmuş ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.
Ynsanperwer ugur strategik hyzmatdaşlygyň wajyp binýady hökmünde häsiýetlendirildi.Mejlise gatnaşyjylar bilim we ylym ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar.Türkmen talyplarynyň HHR-iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy, Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň barha artýandygy iki halky has-da ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Medeni alyşmalar özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolmagynda galýar.Taraplar özara Medeniýet günlerini, sergileri we döredijilik festiwallaryny yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk hem dostlukly gatnaşyklary ilerletmäge gönüden-göni täsir edýän şert hökmünde bellenildi.
Halkara gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ählumumy ösüşiň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi tassyklanyldy.Taraplar Merkezi Aziýada, onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde utgaşykly işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek resminamalar toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň arasynda emeli aň babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni merkezleri özara döretmek hakynda Ylalaşyk; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2026 — 2030-njy ýyllar) hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş ylalaşyk bar.
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna hem gol çekildi.Duşuşygyň ahyrynda taraplar alnyp barlan işleriň netijelerine ýokary baha berip, şu mejlisiň jemleriniň Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine hyzmat etjekdigini nygtadylar.
