Her bäşinji belgiýaly harytlary daşary ýurtdan satyn alýar

Her bäşinji belgiýaly harytlary daşary ýurtdan satyn alýar

Geçen 2022-nji ýylda belgiýalylar goňşy ýurtlarda azyk harytlaryny satyn almaga 543 million ýewro sarp etdiler. Bu barada ýurduň Fevia azyk harytlaryny öndürijileriniň federasiýasy habar berdi, sebäbi belgiýalylar üçin ol ýurtlarda azyk harytlarydyr içgiler arzan düşýär.

Fevia assosiasiýasynyň habaryna görä, her bäşinji belgiýaly haryt satyn almak üçin yzygiderli serhedi geçýär, şunda has meşhur ugurlar Fransiýa, Niderlandlar, Lýuksemburg we Germaniýadyr.

Goňşy ýurtlardan azyk satyn almak 2022-nji ýylyň aýagynda Belgiýada energiýa göterijilere we azyk harytlaryna nyrhlar güýçli gymmatlandan soňra ýörgünli boldy.

Ýagdaý bilen baglylykda, fransuz hökümeti ýangyjyň nyrhyna ýeňillik girizipdi, şonuň üçin ýurduň dükanlarynda nyrhlar Belgiýadakydan tapawutlylykda, o diýen çalt gymmatlamaýar.Mysal üçin, şu aýda Fransiýada azyk arabasynyň nyrhy 3 göterim, Belgiýada bolsa 8 göterim gymmatlady.

Galyberse-de, Fransiýada hökümet her bir önüm öndürijiden tekjelerde hümmetsizlenmä garşy sebedi ýerleşdirmegi talap etdi, bu bolsa gündelik sarp edilýän harytlaryň durnukly bahalardan satylmalydygyny aňladýar.

Belgiýalylar goňşy ýurtlardan, esasan, içgileri, çörek, süýt önümleridir et satyn alýarlar.

Fevia ýurduň hökümetinden ýerli önüm öndürijileri goramak üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrýar. Bu barada Kazinform ýazýar.

Ýene degişli makalalar

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Afinydaky dabaradan soň Olimpiýa alawy Fransiýa eltildi
Nigeriýaly aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmakçy bolýarka gözi gapyldy
Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar
Gazagystana göni maýa goýumlary rekord derejä ýetdi
Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi öwreniler