Hindi asylly Ramaswami ABŞ-da Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy

Hindi asylly Ramaswami ABŞ-da Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy

Hindi asylly telekeçi Wiwek Ramaswami ABŞ-da geçjek Prezident saýlawlaryna Respublikaçylar partiýasy tarapyndan dalaşgärlik etmekçidigini Fox News teleýaýlymynda habar berdi.

Men şu gün Birleşen Ştatlaryň Prezidentligine dalaşgärlik etmekçidigimi buýsanç bilen habar berýärin diýip, 37 ýaşly Ramaswami Tucker Carlson Tonight gepleşiginde aýtdy.

Öň ABŞ-nyň BMG-däki öňki ilçisi we Günorta Karolinanyň öňki gubernatory Nikki Heýli hem Respublikaçylar partiýasyndan ýurduň Prezidentligine dalaşgärligini yglan edipdi.

Prezident saýlawlarynda gatnaşmakdan öň Ramaswami we Heýli geljek ýylyň ýanwarynda başlanjak Respublikaçylar partiýasynyň içerki saýlawlarynda ýeňiş gazanmalydyr.

ABŞ-da Prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçmeli.

Ýene degişli makalalar

Putin: "Russiýany Ukrainada ýeňmek mümkin däl" diýdi
Putin Ukrainadaky Operasiýalaryň Giç Başlandygyny Aýtdy
Ak Tamda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pişik mesgen tutdy
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşyp biler