Hindi zergärleri 50 müň göwher oturdylan ýüzük ýasadylar

Hindi zergärleri 50 müň göwher oturdylan ýüzük ýasadylar

Hindistanly zergärler 50907 sany göwher oturdylan ýüzük ýasadylar, ol gaýtadan işlenen materiallardan ýasaldy we 460 gramdan gowrak agramy bar. Ýüzüge 785 müň 645 dollar baha kesildi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýüzüge şeýle köp gymmatbaha daşlary ýerleşdirmek üçin onuň görnüşi barada çynlakaý pikirlenmeli boldy. Netijede, bezegçiler kebelek gonan günebakaryň keşbinde saklandylar. Ýüzüge tebigat bilen sazlaşyk diýen manyny aňladýan Eutierria ady berildi.

Ýüzügi ýasamak işi dokuz aýa golaý dowam etdi, taslamasyny taýýarlamaga dört aý sarp etdiler. Ýüzük üçin gaýtadan işlenen altyn we müşderiler tarapyndan getirilen göwher daşlary ulandylar.

Bezeg işi Mumbaý şäherinden H.K. Designs and Hari Krishna Exports Pvt. Ltd kompaniýasyna degişlidir. Ol iň köp gymmatbaha daşy oturdylan bezeg işi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Hindi hünärmenleri şeýle hem 17,5 müň göwher bilen bezelen goşar sagadyny taýýarladylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
“Ýüzükleriň hökümdary” serial bolar
10 milliard dollara ýetdi