Hindistan, Rus Goşunynyň Hatarynda Söweşýän Iki Raýatynyň Ukrainada Öldürlendigini Habar Berdi

Hindistan, Rus Goşunynyň Hatarynda Söweşýän Iki Raýatynyň Ukrainada Öldürlendigini Habar Berdi

Hindistanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän çaknyşyklarda, rus goşunynyň hatarynda söweşýän Hindistanyň iki raýatynyň öldürlendigi habary gelip gowuşdy. Ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, Hindistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň rus ýolbaşçylardan ýogalan iki adamyň jesediniň yzyna berilmegini talap edendigi nygtaldy.

Beýannamada “Hindistandan şeýle hem raýatlarymyzyň rus goşunynyň hataryna alynmazlygyny talap edýäris. Şuňa meňzeş hereketler hyzmatdaşlygymyza bap gelmeýär” diýildi.

Beýannamada Hindistanyň raýatlaryna hem Russiýadaky iş bildirişleri meselesinde seresaply bolmaklary maslahat berildi.

Hindistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, rus goşunynyň hatarynda 200 hindi iş alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Rus Goşunynyň Ukraina Guran Soňky Hüjüminde 4 Adam Ýogaldy
Russiýa Ukraina Degişli 128 Sany Uçarmansyz Howa Ulagyny Hatardan Çykardy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Hökümeti Ylalaşygy Tassyklady
Serbiýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 8 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Günbatar Şeriada giň gerimli hüjümlere taýýarlyk görýär