
Amerikanyň “CNN” ýaýalymynyň mälim etmegine görä Çikago uniwersitetinin Energiýa syýasatlary institutynyn neşiri 1,3 milliarda barabar ilaty bolan Hindistsanda ilatyň ählisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlän hapalyk derejesinden ýokarda bolan howpa sezewardygyny görkezýär.
Barlagda esasanda ýurduň günbataryndaky Maharaştra welaýaty bilen Madhýa Pradeş welaýatynda howanyň hapalygy hasam ýokarlandygy habar berilýär.
Hindistanyň paýtagty Täze Delidäki hapalyk derejesiniň hem iňňän ýokarydygyny görkezýän barlagda, howanyň hapalygynyň çäginiň BSGG-nyň çäklerine düşmegi bilen şäheriň ýaşaýjylarynyň ömrüniň 10 ýyl uzap biljekdigi beýan edilýär.