Hindistanda Koronawirus Sebäpli Maska Geýinmek Düzgüni Girizildi

Hindistanda Koronawirus Sebäpli Maska Geýinmek Düzgüni Girizildi

Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurduň 8 welaýatynda Kowid-19-a ýolukmalaryň artmagyndan soň Harýana we Kerela welaýatlary bilen käbir sebitlerde maska geýinme düzgüniniň girizilendigini beýan etdi.

Ýolukmalaryň artmagynyň täze ýüze çykan XBB.1.16 warianty bilen arabaglanşyklydygy beýan edildi.

Ýurtda adybir wariantyň ýolukma mukdary fewral aýynda 21,6 göterim bolan bolsa, mart aýynda 35,8 göterime ýetendigi, keselhana ýatyrylma ýa-da ölüm mukdarynda şeýle artyşyn bolmandygy habar berildi.

Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi soňky 24 sagatda 5,337 adamyň koronawirusa ýolugandygyny we häzirki wagtda 32,814 adamy hasaba alynandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Hytaýa bardy
Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi
Ilon Maskyň kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýär
Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
GDA ýurtlarynyň II oýunlary: Atajan Daýyýewden kümüş medal