Hindistanda Prezident saýlawy geçiriler

Hindistanda Prezident saýlawy geçiriler

Ýurduň 15-nji Prezidenti Ram Nath Kowindiň wezipe möhlediniň 24-nji iýulda dolýandygy sebäpli, ýerine saýlanjak dalaşgär şu gün parlamentde geçiriljek saýlawda kesgitlener.

Saýlaw hökümediň başyndaky Bharatiýa Janata partiýasynyň öňbaşçylyk etmegindäki alýans, ýagny Milli Demokratik alýansyň zenan dalaşgäri Draupadi Murmu bilen oppozisiýadan dalaşgär bolan tejribeli syýasatçy Ýaşwant Sinhanyň arasynda geçer.

Takmynan 4 müň 896 agzanyň ses berjek saýlawyň netijesiniň 21-nji iýulda aýan edilmegine garaşylýar.

Hindistanda Prezident gönüden halk tarapyndan däl, eýsem parlamentiň we welaýat mejlisleriň agzalaryndan ybarat bolan saýlaw topary tarapyndan saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar
Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi
Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda Hindi burçy açyldy
Ram Nath Kowind hindi maksatnamalaryna gatnaşan we hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Liderini Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 5 strategik ugry bilen tanyşdyrdy
Hindistanyň Prezidentiniň maşgalasy ýörite maksatnamanyň çäginde Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy