Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar

Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar

Hindistanda şu gün anna güni ählumumy saýlawlar badalga alýar we ol birnäçe tapgyrda geçmek bilen, 1-nji iýuna çenli dowam eder. Bu barada Interfax.ru habar berýär.

Ses berlişik ýedi tapgyrda geçer, netijede, ol alty hepdä çeker. Käbir ştatlarda ses berlişik bir gün, has uly ştatlarda ýedi gün dowam eder.

Munuň üçin bir milliondan hem köp saýlaw kabinalary ulanylar, saýlawlara 15 milliona golaý adam synçy hökmünde gatnaşar. Hindistanda ses bermäge hukukly 969 million adam ýaşaýar. Hindistanda ses bermek üçin dünýäde iň beýik ýerde goýlan saýlaw kabinasy hem bar, ol Gimalaýlarda, 4,6 müň metr beýiklikde ýerleşýär.

Saýlawlara partiýalaryň 2,6 müňe golaýy gatnaşýar. Bilermenler häzirki Premýer-ministr Narendra Modiniň ýurdy dolandyryjy Bharatiýa janata parti (BJP) atly partiýasynyň ýeňiş gazanjakdygyny çaklaýarlar.

2019-njy ýylda BJP Parlamentiň aşaky palatasynda bar bolan 543 ornuň 303-sini gazanmagy başardy. Dolandyryjy koalisiýadan bolan beýleki partiýalar Parlamentde ýerleriň ýene 49-syny aldylar. Bu ýyl koalisiýa öz ýeňşine gaty ynamly, olar 400-den gowrak ýer almaga bil baglaýarlar.

Saýlawlaryň netijeleri 4-nji iýunda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Kosmonawtika güni yglan edildi
Putin, G-20-niň Liderler Maslahatyna Gatnaşmaz
Şu gün Hindistanda Uly ýigrimiligiň ýygnagy başlanýar
Prezident Erdogan Hindistanda Saparda Bolýar
Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar
Gurbanguly Berdimuhamedow Narendra Modä gutlag hatyny iberdi