Hindistanly 60 kilogram horlanmagynyň syryny paýlaşdy

Hindistanly 60 kilogram horlanmagynyň syryny paýlaşdy

Hindistanyň ýaşaýjysy Suheýl Han 60 kilogram, ýagny 140 kilogram agramdan 81 kilograma çenli horlanmagy başardy. Erkek kişi özüniň horlanmagynyň sebäbini paýlaşanda, munuň yzygiderli yhlas etmeginiň netijesinde mümkin bolandygyny gürrüň berdi. Bu barada MIR 24 ýazýar.

32 ýaşly Hanyň aýtmagyna görä, ol hemişe-de semiz bolupdyr. Emma 2017-nji ýylda ol 140 kilograma çenli semräpdir. Ol özüni fiziki we psihiki taýdan ýaramaz duýupdyr, hemişe agyry sebäpli hatda 300 metre çenli ýöremegi başarmandyr.

Suheýl Han ýagdaýy belli-külli üýtgetmek kararyna gelipdir. Ol ilki iýmitlenişine üns beripdir, diňe ertirine sagat 10-da, günortan 13-14-00-da we gün ýaşmanka agşamlyk edinipdir. Han şekerden, hamyrly önümlerden, fastfuddan we etden ýüz öwrüpdir. Gök önümleridir belokly hem-de ýagsyz iýmitleri iýip başlapdyr.

Şeýle-de erkek kişi her gün ýöremegi endik edinip, ädimini günsaýyn artdyrypdyr. Netijede, ol günde 14 müň ädim pyýada ýöräpdir. Hana sport zalyndaky türgenleşik hem kömek edipdir.

Hindistanly özüne aýalynyň ruhy goldawynyň hem uly kömek edendigini gürrüň berdi diýip, The Times of India gazeti ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Iň köp tiražly iňlis dilli gazet
Hindistanyň iň baý maşgalasynyň näçe pulunyň bardygy belli boldy
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar