Hindistanyň kosmos gämisi Aýyň orbitasyna ýerleşdi

Hindistanyň Aýyň günorta polýusyny öwrenmek maksady bilen işläp taýýarlan “Chandrayaan-3” atly kosmos gämisiniň Ýeriň hemrasynyň orbitasyna sag-aman ýerleşendigi mälim edildi.Hindistanyň “ANI News” agentliginiň habaryna görä, Hindistanyň Kosmos Barlaglary Merkezi ozalky ady “Twitter” bolan X jemgyýetçilik torundaky mediýa platformasynda kosmos gämisiniň haýsydyr bir bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan, Aýyň orbitasyna ýerleşendigini mälim etdi. 14-nji iýulda uçurylan “Chandrayaan-3” atly kosmos enjamy Aýyň günorta polýusyna gondurylandan soňra 14 gün (bir Aý güni) işlediler.

Emeli hemradan, gonuş platformasyndan we ýöreýän moduldan ybarat bolan “Chandrayaan-3”-iň agramy 3,9 tonna barabar. mundan ozal Hindistan 2008-nji hem-de 2019-njy ýyllarda hem Aýa bu kosmos enjamynyň birinji we ikinji nusgalaryny uçurypdy. Emma bu missiýalar şowsuzlyk bilen tamamlanypdy.

Ýurduň üçünji Aý missiýasynyň şowly tamamlanan ýagdaýynda ABŞ, ozalky Sowet Soýuzy we Hytaý döwletlerinden soňra Aýa enjam gonduryp bilen dördünji ýurt bolar.

Ýeri gelende bellesek, şu gün Russiýanyň “Luna 25” kosmos enjamynyň hem üstünlikli ýagdaýda uçurylandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Aýa taryhy gonuş golaýlaýar
Rus kosmos gämisi Aýyň ýüzüne gaçdy
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Индия и Япония активизируют работы по совместной миссии на Луну
Nissan NASA üçin Aý ulagynyň işlenip taýýarlanyşyna ýardam berer
Guýmagursak zehini ýatlap