Hirosimada ýadro ýaragsyz dünýä üçin maslahat geçiriler

Hirosimada ýadro ýaragsyz dünýä üçin maslahat geçiriler

Ýadro ýaragsyz dünýä üçin halkara toparynyň (IGEP) ilkinji maslahaty 10-11-nji dekabrda Ýaponiýanyň Hirosimo şäherinde geçiriler diýip, Ýaponiýanyň DIM-niň beýanatyna salgylanýan TASS habarlar gullugy habar berdi. Bu barada Report.az ýazýar.

Premýer-ministr Fumio Kisida IGEP toparyny döredilýändigini yglan etdi, ol forum görnüşinde bolup, ýadroly hem-de ýadrosyz döwletler häzirki we öňki syýasy liderleriň gatnaşmagynda dünýäde parahatçylygy gazanmak babatda pikir alşarlar diýlip, ýapon DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

Maslahatyň ilkinji gününde ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obamanyň hem-de BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etmeklerine garaşylýar, şeýle-de çärä gatnaşyjylaryň arasynda dünýäniň belli syýasatçylary bolar.

Ýene degişli makalalar

Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
BMG-niň Baş sekretary ösüp barýan ýurtlara syýasatda ýeterlik ses berilmeýändigini aýtdy
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRIKS Sammitinde BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady