“Hoçu Žit” proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýatyny anyklady

“Hoçu Žit” proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýatyny anyklady

Ukrainanyň “Hoçu Žit” (“Ýaşamak isleýärin”) döwlet proýekti Ukrainadaky urşa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleri bilen şertnama baglaşan Türkmenistanyň azyndan 170 raýatynyň adyny anyklady. Bularyň uruş ýesirleri däl-de, bu konfliktde Russiýanyň tarapynda söweşýan ýa-da söweşen adamlardygy bellenilýär.

“Hoçu Žit” proýektiniň 2-nji maýda ýaýradan maglumatynda, 2025-nji ýylyň başyna çenli degişli sanawda görkezilen 20 ýaşdan 61 ýaşa çenli bu adamlaryň arasyndan azyndan 27-siniň heläk bolandygy nygtalýar.

Proýektiň awtorlary Türkmenistanyň uly nebit we gaz ätiýaçlaryna eýe bolmagyna garamazdan, ýurtdaky pes aýlyk haklarynyň we ýokary işssizligiň ýerli ilaty Russiýa gazanç üçin gitmäge mejbur edýändigini belleýärler.

“Russiýadaky zähmet migrantlarynyň arasynda türkmenleriň köpçülikleýin ýerleşmegi olary Ukrainadaky uruş üçin “täze et” gözleýän toparlar üçin amatly nyşana öwürýär” diýip, proýektiň beýanatynda bellenilýär.

Mundan öň, proýekt Merkezi Aziýa döwletleriniň Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşmäge goşulan adamlaryň sanyny çap etdi.

Oňa laýyklykda:

Özbegistandan 1 müň 110 adam,Tägjigistandan 931 adam,Gazagystandan 661 adam ,Gyrgyzystandan 360 adam bu uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýär ýa-da söweşipdir.Bellesek, Azatlyk Radiosy Ukrainadaky urşa Russiýanyň tarapynda söweşmek üçin türkmen raýatlarynyň, şol sanda harbylarynyň hem goşulyp başlandygy barada birnäçe gezek habar beripdi.

Munuň ýurtdaky dowam edýän agyr ykdysady şertler sebäpli gün-güzeran kynçylyklarynyň arasynda, adamlaryň bu ýaragly konflikte hakyna tutma bolup gidýändikleri bellenipdi.

Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri türkmen häkimiýetleriniň bu ýagdaýlardan habarly bolup, munuň öňüni almak synanyşyklary hökmünde, ýurtdan Russiýa gitmekçi bolýan raýatlaryna aeroportda dürli päsgelçikleri döredip başlandyklaryny hem gürrüň beripdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri Ukrainadaky urşy asla agzamaýşy ýaly, ýurduň raýatlarynyň bu konflikte gatnaşýandygy baradaky habarlara hem hiç hili resmi reaksiýa bildirmeýärler.

Resmi Aşgabatdan tapawulylykda, Mekrezi Aziýanyň beýleki döwletleri öz raýatlaryna bu urşa gatnaşandygy üçin öz ýurtlarynda jogapkärçilige çekiljekdigini duýdurdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat diňe 7% kuwwatyny işledýär'
Abadanda özboluşly binagärlik keşbinde 30 sany dört gatly jaý gurlar
Awgustda gelen silden soň Aşgabatda sil sowalgasyny gurmak karar edildi
Owganystanyň üstünden gaz geçiriji gurmak: hakyky proýektmi ýa-da hyýal?
'48 sagatlyk film'. Türkmenistanly awtorlaryň filmi Merkezi Aziýa bäsleşiginde ýeňiş gazandy
Türkmenistanda Alabaýa ýadygärlik dikiler