Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident saýlawlarynyň netijelerine garaldy

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident saýlawlarynyň netijelerine garaldy

15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan boýunça 3460080 saýlawçydan 3362052-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça Perhat Begenjow 2,02, Agajan Bekmyradow 7,22, Serdar Berdimuhamedow 72,97, Berdimämmet Gurbanow 2,22, Babamyrat Meredow 1,08, Hydyr Nunnaýew 11,09, Maksat Ödeşow 1,15, Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16, Kakageldi Saryýew bolsa 1,09 göterim ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Mejlisiň deputatlarynyň, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen diplomatlarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan türkmen Liderini Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň Täze Prezidenti Boldy
Serdar Berdimuhamedow sesleriň 72 % gowragyny alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy