Holandyň bir oýunda dört goly Dortmundyň "Borussiýasyna" ýeňiş getirdi

Holandyň bir oýunda dört goly Dortmundyň "Borussiýasyna" ýeňiş getirdi

Germaniýanyň futbol çempionatynyň sekizinji tapgyrynda Dortmundyň "Borussiýasy" Berliniň "Gertasyny" myhmançylykda ýeňdi. Duşuşyk 5:2 hasabynda tamamlandy.

Oýunda "Borussiýadan" Erling Holand dört gol geçirdi (47, 49, 62 we 70 minut), bäşinji goly Rafael Gerreýru (70) tora girizdi. "Gertanyň" iki goluny hem Mateus Kunýa geçirdi (33, 79 - 11 metrlik jerime urgusyndan). 85-nji minutda Holandyň ýerine meýdança Ýussufa Mukoko girdi.

Mukoko Bundesliganyň oýnunda meýdança giren iň ýaş oýunçy boldy.Ol 16 ýaşap, bir gün geçende çempionatda ilkinji gezek oýna çykypdy.Germaniýanyň çempionatynda iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda Holand ikinji ýeri eýeledi, onuň hasabynda 10 pökgi bar.

Sanawyň başyny 11 goly bilen mýunhenli “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski çekýär. "Borussiýa" 18 utuk bilen ýaryşyň jedwelinde ikinji orunda barýar.Birinji orunda bir utuk tapawut bilen "Bawariýa" ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
Mançesteriň reňki gyzyl
111 ýyllyk rekord gaýtalandy
Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi
“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär
Ilkinji gezek gol geçirip bilmedik Ronaldo, şol sanda ýoldaşlary öýlerine dolanmaly boldy
Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!