Hormatly Prezidentimiz Döwletliler köşgüne baryp gördi

31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Döwletliler köşgüne bardy.Bu köşgüň ak mermerli binalary paýtagtymyzyň günorta böleginde — Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýär.Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik hem-de şatlyk bilen mübäreklediler.

Olar bu waka mynasybetli köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlaryny taýýarladylar.Döwletliler köşgünde çagalaryň döredijilik ukyp-başarnygyny we zehinini ýüze çykarmaklary, sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz ýaş artistleriň ussatlygyna ýokary baha berip, köşgüň binasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz kitaphana-muzeý toplumyna baryp gördi. Şol ýerde köp sanly kitaplar çagalaryň ygtyýaryndadyr. Bu neşirler çagalaryň gözýetimini giňeltmäge, döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär. Muzeýde dürli serişdeler, şol sanda Döwletliler köşgüniň döredilmeginiň taryhy we onuň işi barada gürrüň berýän wideogörnüşli serişdeler goýlupdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde terbiýelenýän çagalar bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz çagalara ýüzlenip, olaryň dynç alyşlary we boş wagtlaryny geçirişleri barada sorady, okuwda gazanýan üstünlikleri we okuw ýylyny nähili tamamlandyklary bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň — mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň ýetip gelendigini, eziz Diýarymyzyň dürli ýerlerinde, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ýerleşýändigini aýtdy we çagalaryň nirede dynç almakçy bolýandyklary bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz körpelere ýüzlenip, olaryň haýsynyň goşgy aýtmaga isleg bildirýändigi barada gyzyklandy. Şeýle hem çagalara okuwdan boş wagtlary sport bilen meşgullanýandyklary bilen bagly sowal berildi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Mekdebi tamamlaýan uçurymlara saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaga giň şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgüniň uçurymlarynyň haýsy hünäri saýlap almak isleýändikleri bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiziň sözlerine görä, bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Mekdebi tamamlaýan çagalar bolsa gutardyş synaglaryny tabşyryp başlarlar. Şeýle hem tomusky dynç alşa çykan çagalar ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinde gurlan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alarlar. Öz saglyklaryny berkiderler.

Döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgünde terbiýe alýan çagalary Çagalary goramagyň halkara güni hem-de okuwyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwletimiziň çagalaryň oňat dynç almaklary, döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin hemişe alada edýändigini belledi. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Hormatly Prezidentimiz çagalara ýüzlenip, olaryň gowy okamagyny we zähmeti söýmeklerini arzuw etdi. Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir. Şoňa görä-de, biz iň gowy zatlarymyzy olara bagyşlaýarys we bu hemişe-de şeýle bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz bagtyýar çagalarymyzyň okamaklary, oňat dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary üçin geljekde-de yzygiderli alada ederis. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly, berk bedenli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri dörederis. Ýaş nesil döwletiň özleri barada alada edýändigini we goldawyny hemişe duýar diýip, hormatly aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Çagalary goramagyň halkara güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, çagalara berk jan saglyk, okuwda we durmuşda uly üstünlikleri gazanmaklaryny, ata Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.

Öz nobatynda, çagalar hormatly Prezidentimiziň sowallaryna jogap berip, netijeli okamak, göwnejaý dynç almak we boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döredilen ajaýyp şertler, özleriniň gyzyklanýan zatlary, sapaklardan daşary döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýandyklary barada gürrüň berdiler.

Soňra baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere sowgatlar gowşuryldy.

Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 500 müň manat bölünip berildi

1-nji iýunda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşuryljakdygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 500 müň manadyň bölünip berlendigini nygtamak gerek.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi we bu ýerde döredilen durmuş şertleri, okuw otaglary bilen tanyşdy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin göz öňünde tutulan mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň ünsüni çekdi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Abatlaýyş işlerini geçiriler

Döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgüniň gurlup ulanmaga berlenine ençeme ýyl geçendigini, häzirki wagtda bu desganyň has könelişendigini, köşkde ýerleşýän binalaryň rejeleýiş işleriniň geçirilmegini talap edýändigini belläp, ýakyn geljekde ony has-da döwrebap ýagdaýa getirmegiň maksat edinilýändigini aýtdy.

Bu ýerde ýerleşýän ähli otaglarda abatlaýyş işlerini geçirip, häzirki zamanyň enjamlary bilen üpjün ederis. Ýaşlarymyzyň oňat dynç alyp, bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet