Hormatly Prezidentimiz Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Dubaýda COP-28 Bütindünýä howa maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji dekabrda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan köpugurly türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni bilen gutlady hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we dostlukly ýurduň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem ol şu gezekki Ählumumy foruma işjeň gatnaşandygy we türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçýän COP-28 maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy.

Döwlet Baştutanymyz sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini nygtap, ýokary derejeli duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu derwaýys meseläni çözmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýan Türkmenistan howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz täsirlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine BAE-de tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, emirlikler tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi