HORMATLY PREZIDENTIMIZ LEBAP SEMENT ZAWODYNYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

HORMATLY PREZIDENTIMIZ LEBAP SEMENT ZAWODYNYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetiniň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan bu maksatnamalar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Senagatlaşmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek ýoluny saýlap alan döwletimiz bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň geljegi uly täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologiýa-gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Olaryň netijeleri senagat toplumynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň hem-de beýleki harytlaryň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmaga gönüden-göni täsirini ýetirýär.

Sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewral aýynda açylan “Lebap” sement zawody bu ugurda nusgalyk görkezijidir.

Iri önümçilik kärhanasy täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem gönüden-göni täsirini ýetirdi.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän kärhanada geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär.

Sement zawody ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda barha ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklaryň ýokary depgininiň gazanylmagyny üpjün edýär.

“Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasy häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär.

Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy.

Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy.

Önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm we hökmany şertleriň bir hökmünde çykyş edýär.

Hasaplamalara görä, önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat edilýän derejeden hem ep-esli azdyr. Howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar.

Bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmak we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmak wezipelerini hasaba almak bilen, zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde guruldy we ol bu baýlyklaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär.

Munuň özi önümçilik işini bökdençsiz alyp barmaga we öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berer.

Önümçilik işine, öndürilýän önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin täze zawodda barlaghana we tehniki gözegçilik bölümi döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde abatlaýyş ussahanasy hem hereket eder.

Bularyň ählisi Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ýurdumyzdaky her bir desganyň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk serişdesiniň ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz ýokary önümçiligini üpjün etjekdigini tassyklaýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.03.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary