Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle-de Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistan gazetinde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri, şol sanda Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary häzirki wagtda sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär, ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlenilýär, talabalaýyk saklanýar.

Pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri alnyp barylýar.Bugdaý ekilen meýdanlarda bolsa ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly gaýtadan işlemek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Häkimler şeýle-de, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz häkimlere ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaýa ideg etmek boýunça işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, olaryň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlerine şaly oragynyň bökdençsiz alnyp barylmagyny, Mary welaýatynyň häkimine bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle-de häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyz Aşgabatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabatda guraljak dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şeýle-de häkim Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli paýtagt şäherde guraljak dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime Aşgabat şäheriniň baýramçylyk äheňinde bezelmegini, talabalaýyk abadanlaşdyrylmagyny, medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de häkime paýtagt şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Mäne obasynda geçiriljek bilelikdäki rus-türkmen arheologik ekspedisiýasyna gatnaşmaga arzalar kabul edilýär
BILDIRIŞ!
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi