Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

24-nji novabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Ýurtlarymyz kenarýaka döwletler hökmünde Hazar deňziniň biodürlüligini goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy.

Türkmen hem-de gazak halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär.Milli sungaty, däp-dessurlary wagyz etmäge gönükdirilen özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, akademiki, ylmy alyşmalar munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.

Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Gazagystan: dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
Türkmengazak dostluk gatnaşyklary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy