Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy bilen amala aşyran bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Aşgabada resmi sapar bilen gelip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gepleşikler geçiripdi. Şol duşuşygyň gün tertibine türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ençeme meseleleri girizildi. Munuň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekilipdi.

Döwlet Baştutanymyzy Wengriýanyň Premýer-ministriniň kabulhanasynda wenger Hökümetiniň ýolbaşçysy Wiktor Orban mähirli garşylady.

Türkmenistanyň we Wengriýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Premýer-ministr Wiktor Orbanyň duşuşygy boldy. Bu duşuşyk giňişleýin düzümde, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Wengriýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Budapeşte gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.Premýer-ministr Wiktor Orban golaýda Aşgabada bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.Wenger Hökümetiniň ýolbaşçysy mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban Wengriýanyň Türkmenistany hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Budapeşte şu ilkinji saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli baýram — Keramatly Stefanyň güni hem-de Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Wiktor Orbany we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyny bu şanly wakalar bilen gutlady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň gowy arzuwlaryny aýdyp, wenger Hökümetiniň ýolbaşçysyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Gutlag hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Premýer-ministr Wiktor Orbanyň şu ýylyň iýun aýynda Aşgabada bolan resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly itergi berendigini nygtady. Ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň ençemesi boýunça we medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi türkmen paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Bu babatda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirip, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugrunyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr.

Bellenilişi ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyny we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara düzümleriň münberinden öňe sürýän ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky oňyn başlangyçlaryny doly goldaýar. Şeýle hem wenger tarapy ýurdumyzyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Ulag, senagat, derman senagaty, oba hojalygy we beýleki birnäçe pudaklar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen-wenger ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy höweslendirmek däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionatyna tomaşa etdi

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Milli atletika merkezine ugrady. Dunaýyň gündogar kenarynda gurlan bu täze sport toplumynda şu günler Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionaty geçirilýär. Sportuň bu görnüşi tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir.

19-njy awgustda badalga alan ýaryşlara 200-den gowrak ýurtdan türgenleriň 2 müňden gowragy gatnaşýar. Wengriýanyň paýtagty Budapeşt Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul edýär.

Budapeştiň Milli atletika merkezine gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýene-de Premýer-ministr Wiktor Orban mähirli garşylady.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde iň gyzykly ýaryşlaryň biriniň — erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň tomaşaçysy boldy.

Bu ýerde wenger tarapynyň adyndan belent mertebeli myhmanlar üçin her ýyl 20-nji awgustda bellenilýän Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli kabul edişlik guraldy.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Budapeştiň Ferens List adyndaky halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
Dunaý kenaryndan agyp, Budapeşti gark etdi
Serdar Berdimuhamedow Budapeştde Ýewropada iň şüweleňli feýerwerke tomaşa etdi
Türkmen prezidenti Wengriýa sapar edip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy, dabaralara gatnaşdy
Belentden ýaňlanan owazlar
Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler