Hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde Arkadag şäherinde döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigi barada aýtdy

Hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde Arkadag şäherinde döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigi barada aýtdy

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde wise-premýer T.Atahallyýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, oba hojalyk ministri N.Nazarmyradowyň, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň we Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny-da geçirdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatynda oba hojalyk toplumyna degişli döwrebap binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary, olary üstünlikli amala aşyrmagyň esasy ugurlary we bu işleri netijeli ýerine ýetirmegiň toplumyň düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde ähmiýetli boljakdygy barada aýdyp, bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada çykyş etmek üçin wise-premýer T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, obasenagat toplumyna degişli düzümleriň binalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taryhy çözgüdi kabul edendigi hem-de bu ugurda özüniň oňyn maslahatlaryny berendigi üçin toplumyň ähli düzümleriniň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem wise-premýer türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we tagallasy bilen gurlan nusgalyk şäheriň ikinji tapgyrynda obasenagat toplumyna degişli täze binalaryň gurulmagynyň degişli ugurlaryň sazlaşykly ösüşine, bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyna, däneçiligiň, pagtaçylygyň, gök ekerançylygyň we maldarçylygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini uly hoşallyk bilen belledi.

T.Atahallyýew çykyşynyň dowamynda ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, şeýle hem ylmy-barlag önümçilik institutlarynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň utgaşykly işiniň ýola goýulmagy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, mallardan alynýan önümiň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçiriljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we bu ugra degişli ylmy-barlag institutlarynyň şu ýerde gurulmagynda çuňňur manynyň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, dag etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlaryndan birigýän suwly akabalar taryhda bu ýerlerde daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edipdir.

Döwlet Baştutanymyz milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, talyp ýaşlaryň şöhratly pederleriň halal zähmet baradaky asylly ýörelgelerini içgin özleşdirmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň açylyş dabarasyna we onuň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşandygy hem-de bu ýerde alnyp barylýan işleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň täze guruljak binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygyny, olaryň ýokary hilli amala aşyrylmagynyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelejekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň garamagynda ekerançylyk ýerleriniň, ýyladyşhananyň, dürli görnüşli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň bolmalydygyny belläp, talyplaryň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, zyýankeşlere garşy göreşmek endiklerini ösdürmelidiklerine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, şunda milli daýhançylyk däpleri özleşdirilip, häzirki döwürde howanyň we tebigatyň üýtgeýän ýagdaýy bilen öňünden tanşyp bilmek, ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmekde zerur bolan maglumatlar bilen üpjünçilik sanly ulgamy özleşdirmek arkaly ýola goýulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Prezident ýakyn geljekde Arkadag şäherinde döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigi barada aýtdy
Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi
Arkadag şäherinde oba hojalyk uniwersitetiniň täze şäherçesi gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy