Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 08-nji awgustyndan 90-njy “Bagyr Teke bazary” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

90-njy “Bagyr Teke bazary” ugur boýunça awtobus “Bagyr” belleniş nokadyndan ugraýar -N.Ataýew köçe Görogly köçe A.Nowaýy köçe D.Azady köçe-H.Annadurdyýew köçe - Görogly köçe N.Ataýew köçesi bilen hereket edip, “Bagyr” belleniş nokadyna gelýär.

Ýene degişli makalalar

S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary
Aşgabatda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
9-12-nji dekabrda Aşgabatda awtobuslaryň hereketine wagtlaýyn üýtgeşmeler giriziler
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler