Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti kabul edilen raýat awiasiýa ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, 2035-nji ýyla çenli 200-den gowurak täze howa menzillerini gurmagy hem-de birnäçe iri sebit ulag geçelgelerini döretmegi maksat edinýär.Hytaýyň raýat awiasiýa müdirligi ýurduň bu ugurdaky ösüş maksatnamalary babatda maglumatlar ýaýratdy. Şol maglumatlardan görnüşi ýaly, pudagyň ösüş tapgyrlary mälim edildi. Ýanszy derýasynyň kenarynda, Pekin-Týanszin-Hebeý, Guandun-Sýangan-Aomen sebitlerinde, şeýle hem Çunsin-Gendu şäherlerinde täze iri howa menzilleri gurlar.2035-nji ýyla çenli raýat howa menzilleriniň umumy sany 450-ä ýetiriler.
Häzirki wagtda ýurtda 234 raýat howa menzili hereket edýär.Täze maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilen halatynda, Hytaý dünýäde awiaýolagçy gatnawynda ABŞ-dan öňe geçer.
Rustam NARZYLLAÝEW,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.