Howandarlyga mätäç çagalara paýlanýan haýyr-sahawat ýardamlarynyň üstünden egsilip berilýär

Howandarlyga mätäç çagalara paýlanýan haýyr-sahawat ýardamlarynyň üstünden egsilip berilýär

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üçünji ýyl dönümi bellenip geçilýär.Bu sene mynasybetli üpjünçiligi pes hojalyklarda ösüp ýetişýän ýaş çagalara we ýetginjeklere niýetläp, haýyr-sahawat ýardamlary, iýmit önümleri paýlanýar. Ýardam kabul eden hojalyklar döwlet ýolbaşçylaryna alkyş okaýan görnüşde wideo ýazgy edilýärler. Ýöne olar özleriniň ýardamlary kabul edendikleri barada gol çeken resminamalarynda görkezilen azyk harytlarynyň üstünden egsilip berilýändigini aýdýarlar.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat, Bereket we Türkmenbaşy etraplarynda haýyr-sahawat işlerinden habarly resmiler, arçynlyk işgärleri we ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde ýardamlaryň diňe howandarlyga mätäç çagalara, üpjünçiligi pes hojalyklara gönükdirilýändigini tassyklaýarlar.

Haýyr-sahawat hökmünde paýlanýan harytlaryň arasynda et, tüwi we gök önümleri ýaly azyk harytlary we ýurtda öndürilen aýakgaplar bar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar özleriniň gol çeken resminamalarynda görkezilen azyk harytlarynyň üstünden egsilip berilýändigini aýdýarlar.

“10 kilogram et diýip, takmynan 5 kilogram süňk we bir kilogram et berdiler. 10 kilogram alma diýip gol çekdirdiler, ýöne 3,5 kilogram töweregi alma berdiler. Üç kilogram hili pes tüwi we dört kilogram töweregi merjimek getirip berdiler” diýip, Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan üç çagaly ene Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Gol çeken resminamalarymyzda görkezilen azyk harytlarynyň tas ýarysy ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Munuň yz ýany, türkmenbaşyly ene Berdimuhamedowlara alkyş okaýan görnüşde wideo ýazgy edilipdir.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasynyň ýyl dönümi mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde geçirilen maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda gaznanyň haýyr-sahawat işlerini “ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelere eýerilmegine” nusga görkezdi.

Döwlet mediasyna görä, bu maslahatda “Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Palestinanyň Aşgabatdaky ilçileri, şeýle-de Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wagtlaýyn wekili öz çykyşlarynda hoşniýetliligiň, duýgudaşlygyň we mätäje goldaw bermäge çalyşmagyň türkmen halkyna mahsus häsiýetlerdigini” belläpdirler.

“Eger ýardam bermek isleýän bolsalar, azyk harytlarynyň deregine, pensiýa bölüminiň üsti bilen bank kartlarymyza pul geçirip beren bolsalar, bazardan azyk satyn alyp, çagalaryma iýdirerdim” diýip, türkmenbaşyly ene Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli synçylar tebigy serişdelere baý Türkmenistanda üpjünçiligi pes hojalyklaryň sanynyň köpelmegini we parahat döwürde ilatyň, şol sanda ýaş çagalaryň howandarlyga we haýyr-sahawata mätäç goýulmagyny sorag astyna alýarlar.

"[Gurbanguly Berdimuhamedow] halkymyzy ýörite garyplykda saklaýar, ýetimler, mätäç adamlar köpelýär.Soňra bolsa öz adyndan haýyr-sahawat gaznasyny döredip, hamala, halasgär bolýar.Ol öz eli bilen döreden ykdysady kynçylyklarynyň, garyplygyň arasynda, garyp hojalyklara bäş kilogram çörek berip, 10 çagany operasiýa etdirip, ýardamsöýer ýaly bolup görünýär.

Biziň ýurdumyza nebit-gazdan gelýän girdejiler täze doglan çagalaryň geljegine gönükdirilen bolanda, halkyň dünýä ülňülerine laýyklykda, zähmet haklaryny almaklaryna şert döredilen bolanda, has oňat bolardy. Ýurdumyzda şeýle şertleri döretmäge mümkinçilikler bar, ahbetin!" diýip, bir ýerli synçy anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy, global koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda esaslandyryldy.

Döwlet mediasyna görä, bu gazna 2023-nji ýylyň dowamynda iki ýüzden gowrak operasiýa üçin töleg geçiripdir.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglyk bejergilerini kabul eden ýaş çagalary we ýetginjekleri görkezýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlary Berdimuhamedowlara alkyş sözlerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Balkanda howandarlyga mätäç çagalara berilýän haýyr-sahawat ýardamlarynyň üstünden egsilip berilmegi barada ýerli häkimiýetlerden ýa-da Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyndan teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2023: Ilatyň iş, durmuş goraglylygy ýene bir ýyl gowulaşmady
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
'Bagtyýar' çagalygyň kösençli körpeligi baý ýurda 'gelişmeýär'
150-den gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
Haýyr-sahawat indeksi-2023 boýunça Türkmenistan dünýäniň ýigrimi ýurdunyň arasynda