Howanyň üýtgemeginden çekilen zeper hasaplandy

Täze Zelandiýanyň Wellington uniwersitetiniň alymlary dünýädäki global maýlama bilen baglanyşykly çykdajylaryň ýokarlanmagy barada ilkinji gezek barlag geçirdiler. Olaryň hasaplamalaryna görä, soňky 20 ýylda adatdan daşary howa ýagdaýyndan çekilen zyýan sagatda 16 million dollar bolandygyny çaklanylýar.

2000-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli dünýädäki ähli ýurtlar howanyň üýtgemegi sebäpli 140 milliard dollar ýitirdi.Anyk mukdar ýylda 60-dan 230 milliard dollar aralygynda üýtgeýär.Iň köp ýitgi 2003-nji ýyla degişlidir, şol ýyl Ýewropada güýçli yssy, şeýle-de 2010-njy ýylda Russiýada iň yssy howa, Somalide güýçli guraklyk hasaba alnypdyr.

ABŞ-daky 2005 we 2017-nji ýyllardaky deňiz harasatlarynda ýykylan we zeper ýeten gozganmaýan emläkler sebäpli has köp ýitgi çekilipdir. 2022-nji ýylda ýitginiň umumy möçberi 280 milliard dollara deň bolupdyr.

Çykdajylaryň üçden iki bölegi adam pidalaryna, galan bölegi zeper ýeten emläklere goýberilipdir. Howanyň howply ýagdaýlary döreden görnüşlerinde üçden iki bölegi harasatlara, ýyly howa akymlaryna 16 göterim ýitgi, sil joşmalaryna hem-de guraklyga 10 göterim degişlidir.

Barlaglaryň awtorlarynyň belleýşi ýaly, garyp ýurtlar barada ýeterlik maglumat bolmansoň, olaryň zyýany baradaky çaklamasy hakykatdan has pes bolup biler. Mundan başga-da, deňziň derejesiniň ýokarlanmagy bilen utgaşyklylykda hasyllylygyň peselmegi ýaly ýagdaýlar hasaba alynmandyr diýip, “The Guardian” neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
BMG-niň HG-niň 2025-nji ýylda wagtlaýyn agzalary boljak ýurtlar agzaldy
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Türkiyäniň daşary işler ministri Somaliniň prezidenti bilen duşuşdy
Hakan Fidan, Efiopiýaly we Somalili Kärdeşleri Bilen Duşuşdy
Somalide Holera Sebäpli 134 Adam Ýogaldy
“Afrika Ýurtlary Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýäris”