HPG: BRIKS ýurtlary dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegini üpjün eder

HPG: BRIKS ýurtlary dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegini üpjün eder

Üstümizdäki ýylda BRIKS halkara guramasyna agza döwletler ählumumy ösüşiň 32 göteriminden gowragyny üpjün eder, G7 döwletlerine bolsa ösüşiň 30 göteriminden azragy degişli bolar diýip, Halkara Pul gaznasynyň bilermenleri hasaplaýarlar.

2023-nji ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika ösüşiň 32,1 göterimini, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Ýaponiýa we ABŞ 29,9 göterimini üpjün ederler. 2028-nji ýylda bu görkezijiler degişlilikde, 33,6 (BRIKS) we 27,8 göterimi (G7) düzer diýlip, edaranyň seljerijileriniň çap eden nutugynda bellenýär.

Nutukda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde Hytaýyň paýynyň ýokary boljakdygy bellenýär, ýagny HHR-iň dünýäniň JIÖ-indäki paýy 22,6 göterim bolar.

Geçen hepdede Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa BRIKS guramasynyň agza ýurtlarynyň arasynda söwdada ulanmak babatda dollary çalyşjak puly saýlap almak baradaky teklip bilen çykyş edipdi.

Ýene degişli makalalar

Diňle: HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary - 'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär'
'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär': HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary
HPG: Türkmenistanyň JIÖ ösüşiniň hakyky derejesi aýdylanynyň üçden birine hem ýetmedi
HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
HPG 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşini çaklady
HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär