HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy

HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy

Dünýäde amerikan dollaryndan kem-kemden ýüz öwrülýändigi duýulýar. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň paýlaýjy-direktory Kristalina Georgiýewa Waşington şäherindäki Milkeniň seljeriş meýdançasynda pikir alyşmalaryň barşynda habar berdi diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Bu puluň ählumumy möçberde ulanhylmagynyň geljegi barada söz açyp, Georgiýewa meseläniň aýratyn ynjalyksyzlanma döretmeýändigini nygtady.

Hakykatdanam, dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigi hasaba alynýar, emma ony çalşyp biljek pul görmeýärin. Iň bolmanda, golaý wagtda diýip, paýlaýjy direktor belledi.

Russiýa garşy girizilýän saksiýalar bilen baglylykda, dollara ynam pese gaçýar diýip, neşir ýazýar.

Häzirki wagtda ýurtlaryň köpüsi hasaplaşyklarda dollary ulanmagy azaltmaga çalyşýarlar. Russiýa halkara hasaplaşyklarda amerikan puluny ulanmakdan ýüz öwürdi.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer
Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir böleginiň çökgünlige sezewar bolmagyna garaşylýar
Dünýä ykdysadyýetiniň üçden bir bölegi haýal öser
Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine syn berdi
HPG Gazagystanda sebitleýin mümkinçiligi ösdürmek merkezini açdy
HPG garyplyga garşy göreşmek boýunça gaznasynyň maliýeleşdirilmegini artdyrdy