HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar

HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar

Halkara Pul Gaznasy özüniň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamasyny täzeledi diýip, 24KZ habar berýär. HPG 2025-nji ýylda bu görkezijini 3,2 göterime çenli ýokarlandyrdy. Guramanyň hünärmenleri muny ABŞ-nyň, Hytaýyň we beýleki iri ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösüşi bilen baglaýarlar.

Hasabatda şeýle hem 2025-nji ýylda ählumumy hümmetsizlenme 4,5 göterim peseler diýlip nygtalýar.

Ykdysady ösüş Merkezi banklar tarapyndan göterim stawkalarynyň artdyrylmagy we geosyýasy dartgynlylyk sebäpli togtap biler diýip, bilermenler duýdurýarlar. Olaryň sözlerine görä, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi söwdanyň bozulmagyna we energiýa göterijileriň gymmatlamagyna getirip biler.

Ýene degişli makalalar

Halkara Pul gaznasy dünýä ykdysadyýetine baha berdi
HPG garyplyga garşy göreşmek boýunça gaznasynyň maliýeleşdirilmegini artdyrdy
HPG-niň başlygy ikinji möhlete saýlandy
Kristalina Georgiýewa HPG-niň başlygy wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkezildi
HPG: Türkmenistanyň JIÖ ösüşiniň hakyky derejesi aýdylanynyň üçden birine hem ýetmedi
Ekspertiň pikiri: Türkmen ykdysadyýetiniň "diagnozyny" bejerip bolarmy?