2018-nji ýylyň fewralynda döwlet gurluşlarynyň kiber howpsuzlygy, harbylar üçin goragly aragatnaşyk kanallary, şeýle-de yzarlamak ulgamlary boýunça çözgütleri işläp taýýarlamakda ýöriteleşen nemes komapaniýasynyň Rohde & Schwarziň wekili Hartmut Ýeşke (Hartmut Jäschke) Türkmenistana sapar etdi.
Ýeşke prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy we Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýan halkara “Human Rights Watch” guramasy habarly çeşmä salgylanyp, Türkmenistanyň öýjükli telefon we hemra aragatnaşyklaryna gözegçilik etmek we petiklemek tehnologiýalary, şeýle-de internet elýeterliligini çäklendirmek bilen gyzyklanandygyny habar berdi.
HRW baryp mart aýynda Rohde & Schwarz kompaniýasyna Türkmenistan bilen ylalaşyk baglaşylyp-baglaşylmandygy we Aşgabada haýsy tehnologiýalaryň berlendigini sorap, maglumaty açmak haýyşy bilen ýüzlendi. Emma, kompaniýa gepleşikleriň netijelerini we detallaryny çap etmekden boýun gaçyrypdy.
HRW-yň ýazmagyna görä, alyp barýan işleri adam hukuklary ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna ýardam eden halatynda, kompaniýalar munuň üçin jogapkärçilik çekmeli. Gürrüňi edilýän ýagdaý barada aýdylanda, eger ýurduň hökümetiniň ol enjamlary özge pikirlileri ýanamakda we söz azatlygyny basyp ýatyrmakda ulanmak ähtimallygy bar bolsa, Rohde & Schwarz kompaniýasy Türkmenistana tehnologiýa bermekden ýüz öwürmeli.
