HRW türkmen aktiwistleriniň deportasiýasyny togtatmagy talap edip,Türkiýäniň hökümetine ýüzlendi

HRW türkmen aktiwistleriniň deportasiýasyny togtatmagy talap edip,Türkiýäniň hökümetine ýüzlendi

Adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” guramasy Türkiýäniň hökümetine ýüzlenip çap eden beýannamasynda tutulan türkmen aktiwistleriniň Türkmenistana deportasiýasyny togtatmagy we Stambulda tutulan aktiwistleri tizden-tiz boşatmagy talap etdi.

18-22-nji oktiýabrda Türkiýede üç sany türkmen raýaty Ahmet Rahmanow, Kamil Abulow we Baýram Allalyýew tutuldy.

26-njy oktiýabr gijesi olaryň birisi, DWT oppozisiýa hereketiniň çat adminstratory we 22-nji oktiýabrda gury açlyk yglan eden, 47 ýaşly Ahmet Rahmanow azatlyga goýberildi.

“Aktiwistleriň Türkmenistana ýollanmagy olaryň örän töwekgelli yzarlanmalara şol sanda,gynamalara we beýleki gazaply ýüzlenmelere, şeýlede zorlukly ýitirim bolmaga getirmegi ähtimal.Türkiýe özüniň halkara borçlaryny berjaý etmeli we tutulan erkek adamlary olaryň gazaply ýüzlenmelere duçar bolmagy ähtimal haýsyda bir ýere ibermeli däl”diýip “Human Rights Watch” guramasynyň başlygynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Reýçel Denber aýdýar.

Şeýlede adam hukuklaryny goraýjylar Türkiýäniň hyzmatdaşlaryny Ankaranyň halkara hukuk borçnamalaryny berjaý etmegini we aktiwistleri şol sanda,tussaglykdakylary Türkmenistana deportasiýa etmezlige çagyrmagy sorady.

Rahmanow, Abulow we Allalyýew dagy türkmen hökümetiniň konsulhana gullugy arkaly pasportlaryň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrmak, Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň bardygyny ykrar etmezlik we raýatlaryň söz azatlygy hukuklaryna hormat goýmazlyk syýasatlaryny tankytlapdylar.

Türkmen dissidentlerine basyşlaryň güýçlenmegi türk dilli döwletleriň liderleriniň 12-nji noýabrda Stambulda geçjek sammitiniň öň ýanynda bolup geçýär.Oňa Türkmenistan hamana, synçy hökmünde gatnaşýar.

Käbir synçylar Türkiýäniň guramany güýçlendirmek isleýändigini we Türkmenistany hem beýleki ýurtlary oňa goşulmaga ynandyrmaga çalyşýandygyny belleýärler.

Ahmet Rahmanowy 18-nji oktiýabrda Antalýada tutdylar we onuň Türkiýede ýaşamak rugsady 18 aý mundan öň gutarypdy.

Şol günüň özünde, Stambulda 35 ýaşly Kamil Abdulowy tutdylar we onuň ýaşamak rugsady tamamlanmandy.Ol 1-nji awgustda Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň öňündäki şowsuz proteste gatnaşmaga synanyşypdy.

34 ýaşly Baýram Allalyýewi Stambuldaky migrasiýa gullugynda tutudylar we ol ýaşamak rugsadyny uzaltmak üçin arza bermäge çagyrylypdy.

“Türkmen Helsinki Fondunyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň hökümetiniň görkezmesi bilen tutulmak we deportasiýa edilmek howpy abanýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy türk häkimiýetlerinde bar.The post HRW türkmen aktiwistleriniň deportasiýasyny togtatmagy talap edip,Türkiýäniň hökümetine ýüzlendi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede tussag edilen türkmen aktiwistleriniň ýene biri boşadyldy
Stambulda türkmen aktiwistiniň ogluna hüjüm edildi
Stambulda türkmen aktiwisti Nurberdi Bazarow tussag edildi
Saýlaw çärelerine gatnaşdyryljak talyp gyzlardan milli egin-eşik satyn almak talap edilýär
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar
Balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew “wezipeli şahsyň mertebesini kemsitmekde” aýyplandy. Oňa pul jerimesi salyndy