Hüjümçilerden köp gol geçiren derwezeçiler

HABAR SELJERME

Futbol oýnunda derwezeçileriň birinji derejeli wezipesi, ýagny esasy etmeli işi derwezelerini goldan goramakdyr.Bu wezipe meýdançadaky iň kyn wezipeleriň biridir.Futbolda hemme oýunçy ýalňyşlyk goýberip biler, ýöne bu ýagdaý derwezeçilere degişli däl ýaly.

Derwezeçileriň 90 minutlap görkezen ussatlyklary, soňkuja sekuntlarda goýberen ýalňyşlary zerarly olaryň bar azaby puja çykyp, hatda köplenç ýeňlişiň baş sebäpkärleri hem bolýarlar.Biz bu makalada käbir derwezeçileriň öz derwezeleriniň alkymynda görkezen ussatlyklary barada däl-de, 120 metr daşdaky garşydaş toparyň derwezesiniň alkymynda görkezen ussatlyklary barada gürrüň etmekçi. Ýagny gol geçiren derwezeçiler barada.

Derwezeçi bolup, meýdançanyň o çetinde duran garşydaş derwezeden gol geçirenleriň sany barmak basyp sanardan juda köp. Başda-da belleýşimiz ýaly, derwezeçileriň esasy wezipesi gol geçirtmezlik bolsa-da, gol geçirmek işine-de işjeň gatnaşanlaryň sany az däl. Hatda olaryň käbirleri birnäçe hüjümçilerden hem köp gol geçirdi.

ÖZBOLUŞLY DERWEZEÇI

Futbol taryhynyň iň özboluşly, täsin şahsyýetleriniň biri bolan kolumbiýaly derwezeçi Rene Igita derwezeçiden zyýada goragça meňzeýärdi.Uzyn saçlary, murty bolan Igita top bilen oýnamagy diýseň halaýardy. Şol sebäpli wagtal-wagtal topy aldyryp, gol geçirtse-de, taryhda uly yz galdyran derwezeçileriň biri hökmünde tanalýar.

Hemişe diýen ýaly toparynyň 11 metrlik jerime urgularyny ýerine ýetirýän Igita 4-si jerime urgudan jemi 41 gol geçirýär. 1990-njy ýyldaky Dünýä Kubogynda kamerunly Rojer Millany aldajak bolanda, topy aldyryp, gol geçirden pursady köpleriň ýadyndadyr.

Igitany futbolyň ýatdan çykmajak şahsyýetleriniň birine öwren waka 1995-nji ýylda bolupdy.Angliýa bilen Kolumbiýanyň arasynda Wembley-da oýnalan duşuşykda Jeými Rednappyň uzakdan uran urgusyny möý urgusy bilen täsin şekilde saklapdy.

HEM HÜJÜMÇI, HEM-DE DERWEZEÇI

Meksikaly Horge Kampos hem edil kolumbiýaly kärdeşi Igita ýaly täsin şahsyýetleriň biridir.Oýnuň ahyrlaryna sary, eger-de topary ýeňlip barýan bolsa, Kampos dessine hüjümçä öwrüliberýärdi.Hatda ol 2 duşuşykda büs-bütinleý hüjümçi hökmünde çykyş edýär, 7 oýunda-da derwezeden başlap, soňlugy bilen hüjümçiniň ornunda duşuşygy tamamlaýar.

Häzirki wagtda 54 ýaşynda bolan Kampos karýerasy boýunça geçiren 40 golunyň diňe 9-syny 11 metrlik jerime urgularyndan tora girizýär.Ol derwezede reňkli köýnekçe geýmegi bilen hem meşhurlyga eýedir.

JERIME URGULARYNYŇ USSADY

Häzirki wagtda ýurdunyň Prezident saýlawlarynda öz dalaşgärligini mälim eden meşhur futbolçy, paragwaýly Hoze Luis Feliks Çilawert futbolyň taryhynda iň köp gol geçiren 2-nji derwezeçidir. 1982—2004-nji ýyllar aralygynda çykyş eden derwezeçi 11 metrlik jerime urgularyny, aýratyn hem adaty jerime urgularyny dürs urmakda özüni tanadypdy.

Karýerasynyň agramly bölegini Welez Sarsfild klubunda geçiren derwezeçi jemi 67 goly derwezä girizýär. Şol gollaryň 7-sini milli toparda geçiren Çilawert Kopa Amerikada, Dünýä Kubogynyň saýlama duşuşyklarynda tapawutlanmagy başarýar.

BIRNÄÇE HÜJÜMÇIDEN KÖP GOL GEÇIRDI

Futbol taryhynyň iň köp gol geçiren derwezeçisi braziliýaly Rožerio Seni bolup, ol karýerasy boýunça 131 gezek tapawutlanýar.Hawa, bu görkeziji ýüzlerçe hüjümçiniň hem ýetip bilmedik derejesi hasaplanýar. Şu günki günde Flamengo toparynyň tälimçisi bolup işleýän Seni tutuş karýerasyny Sao Paulo klubunda geçirýär.

Futbola Sinop FK toparynda başlasa-da bu klubda bir duşuşyk hem oýnamaýar.Derwezeçiniň ýatdan çykmajak duşuşyklarynyň birinde topary Sao Paulo başga brazil kluby Kruzeirodan 20 asgyn gelip duran mahaly, Seni ilki 11 metrlik jerime urgusyny saklamagy başarýar.

Soňra 11 metrlik jerime urgusyndan hem-de adaty erkin urgusyndan 2 gol geçirip, toparyny ýeňlişden halas edýär.Ilkinji gollaryny 1997-nji ýylda geçiren Seni gollarynyň 62-sini jerime urgularyndan, 69-syny 11 metrlik jerime urgularyndan derwezä girizýär.

Sao Paulo toparynda 25 ýyl çykyş eden Seni Braziliýada bir toparda iň uzak wagtlap oýnan futbolçy diýen rekordyň eýesi bolýar.Iki sapar ýurdunda ýylyň futbolçysy saýlanan Seni Braziliýada 3 gezek çempionlyk hem gazanýar. Şonça gezek Libertadores Kubogyny hem eýelän ussat derwezeçi 2005-nji ýylda Libertadores Kubogynyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlanýar.

2002-nji ýylda Braziliýanyň ýygyndysy bilen toparyň 3-nji derwezeçisi bolup, Dünýa Kubogyna gatnaşýar.Bir duşuşykda hem çykyş etmese-de, Braziliýanyň ýygyndysy şol ýyl çempionlyk gazanýar.

Seni 2006-njy ýyldaky çempionata toparynyň 2-nji derwezeçisi hökmünde gatnaşýar we Didanyň şikes almagyndan soň Ýaponiýa bilen bolan oýunda 10 minut çykyş edýär.Golaýda 48 ýaşan Rojerio Seni 2015-nji ýylda 42 ýaşynda professional futbolçylyk karýerasyny tamamlap, tälimçilige başlaýar.

Ýokarda ady agzalan gol geçirmekde uly meşhurlyk gazanan 4 derwezeçiden başga-da ençeme derwezeçi onlarça gezek tapawutlanmagy başardy. Şolardan Bawariýa, Benfika, Baýer hem-de Hamburg ýaly klublarda oýnan Hans Ýorg Butt 32 gol geçirdi. 10 klubda oýnan peruly Jonni Wegas Fernandes 45, Lewski Sofiýa, Kaýserispor, Bursaspor toparlarynyň derwezesini goran Dimitar Iwankow 42 gezek tapawutlandy.

Braziliýaly Marsio 34, salwadorly Misael Alfaro 31, häzir hem çykyş edýän argentinaly Kristian Lukketti 25, azerbaýjanly Nizami Sadigow 21, nigeriýaly meşhur derwezeçi Winsent Enýeama 20, daniýaly belli derwezeçi Peter Şmeýhel 13 goly öz atlaryna ýazdyrdylar.

Bulardan başga-da ýüzlerçe derwezeçi azyndan 1 gol geçirdi.

The post Hüjümçilerden köp gol geçiren derwezeçiler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

21 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
“Libertadoresde” “Superklasiko” finaly
Çempion boldy, şonda-da ýeňişden doýanok
Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy awgust
Sportuň taryhynda şu gün 19-njy awgust