Hulusi Akar Stambul Galla geçelgesi ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi

Hulusi Akar Stambul Galla geçelgesi ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ýolbaşçylyk etmeginde Gury ýer güýçleriniň Ýokary derejeli bilelikdäki operasiýa merkezinde serhet zolagyndaky we serhetden uzakdaky harby birikmeleriň serkerdeleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, maslahatda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli başdan geçirilen azyk krizisi howpunyň ortadan aýyrlmagy bilen bagly Türkiyäniň tagallalary esasynda döredilen "Galla geçelgesi" gollanmasynyň üstünde durup geçdi.

Hulusi Akar: "Möhlet gutaryp gelýär. Onuň ýaňadandan, başlangyçdaky şertleri öz düzüminde saklajak häsýetde dowam etmegi babatynda Russiýa we Ukraina bilen ýazyşmalarymyz, duşuşyklarymyz dowam edýär" diýip habar berdi.

Sebitde od açmazlyk baradaky ylalaşygyň ýola goýulmagy, akýan ganyň durmagyny dileýändiklerini aýdan Hulusi Akar, bu babatda Prezident Rejep Taýýip Erdogan başda bolmak bilen degişli ministrleriň gepleşiklerini dowam etdirýändigini belledi, islenýän netije gelinjekdigini umyt edýändigini beýan etdi.

Türkiyäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 22-nji iýulda Stambulda baglaşylan Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhledi şu gün dolýar. Ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagy üçin gepleşikler dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda ýagan ýagyş adamlary 'uly zaýana goýdy', "Watan" habary ýaşyrýar
Blinken Gallant Bilen Duşuşdy
Kakanyň galla meýdanynda dörän ýangyn onlarça gektar ýerde ýetişen bugdaý hasylyny ýok etdi
Bugdaý tabşyrmak boýunça meýilnamany üç essä golaý ýerine ýetirdi
Beni Gans wezipesinden çekildi
Rus we Belarus Gallasyna Ýokary Gümrük Salgydy Goýular
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi