Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy

Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy

Husileriň metbugat geňeşçisi Ýahýa Seri X sosial media platformasyndan beren beýanatynda, ýemeniň günortasyndaky Aden aýlagynda Husiler tarapyndan guralan hüjüm bilen bagly maglumat berdi.

ABŞ-nyň harby-flotyna degişli "Lewis B Puller" atly gämini "amatly deňiz raketasy" bilen nyşana alandyklaryny aýdan Ýahýa Seri, ady agzalan hüjümiň Palestinanyň halkyna goldaw we ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň Ýemene garşy guran hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen amala aşyrylandygyny habar berdi.

Beýanatda: "Gäminiň ýerine ýetiren wezipeleriniň arasynda ýurdumyza garşy hüjümlere goşulyşan ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine logstika taýdan goldaw bermek bardy" diýip aýdan Ýahýa Seri, Gazadaky hüjümler bes edilýänçä we gabaw aýrylýança çenli, Ysraýyla degişli bolan ýa-da Ysraýyl portlaryna barýan gämilere päsgel bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Husiler: "Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli bir gämä hüjüm guradyk" diýdi
Husiler, Gyzyl Deňizde Amerikan Gämilerini Nyşana Almaga Dowam Edýär
Husiler, ABŞ-na Degişli Harby Gämini Nyşana Aldy
Husiler, Britaniýanyň Nebit Gämisini Nyşana Aldy
Gazada 24 Sagadyň Dowamynda Ýogalanlaryň Sany Müň adama Ýetdi
Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri