Hytaý Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde möhüm ösüş güýji bolmagynda galýar

– Hytaý Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň (APR) ykdysady ösüşine möhüm goşant goşup, durnukly ösüşi dowam etdirer, şeýle hem durmuş-hojalyk sarp edişinde güýçli dikelişe eýe bolar diýlip garaşylýar. Bu barada Halkara Pul Gaznasy (HPG) tarapyndan çap edilen hasabatda aýdylýar.

HPG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady geljegi baradaky synynda Hytaýyň ykdysadyýetiniň şu ýyl gaznanyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndaky çaklamasyndan 0,8 göterim ýokarlanyp, 5,2 göterim ösjekdigi tassyklanýar.

HPG-niň Aziýa-Ýuwaş umman ministrliginiň müdiri Krişna Sriniwasan HPG-niň we “China Finance 40 Forum” seljeriş merkeziniň geçiren metbugat ýygnagynda -Birinji çärýekdäki maglumatlar 2023-nji ýylda güýçli başlangyç baradaky çaklamamyzy tassyklady – diýdi.

K.Sriniwasanyň pikiriçe, Hytaýda ykdysady ösüşiň depgini, adatça, 1 göterim ýokarlanyp, Aziýanyň galan ýerlerinde, takmynan, 0,3 göterim ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

HPG-niň hasabatynda aýdylyşy ýaly, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti depginli ösýän sebit bolmagyny dowam etdirer. Dinamiki ösüş, esasan, Hytaýdaky ykdysady dikeliş we Hindistanyň ynamly ösüşi bilen şertlendiriler.

HPG-niň çaklamalaryna görä, 2023-nji ýylda sebitiň ösüş depgini 4,6 göterim ösüp, Aziýa-Ýuwaş ummanyň global ösüşe 70 göterime golaý goşant goşmagyna garaşylýar. Şeýle hem Hytaýyň şu ýyl global ykdysady ösüşe goşýan goşandynyň 34,9 göterim boljakdygy öňe sürüldi.

Ýene degişli makalalar

HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar
HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy
HPG: BRIKS ýurtlary dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegini üpjün eder
HPG Global Ykdysady Ösüş Çaklamasyny Aşaklatdy
HPG, Ukraina 15,6 Milliard Dollarlyk Maliýeleşdiriş Kömegini Berer
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer