Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda $25 milliarddan geçdi

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda $25 milliarddan geçdi

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda 25 milliard ABŞ dollaryndan geçip, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň üç aýy boýunça Hytaý Türkmenistanyň umumy söwda dolanyşygynda birinji ýerde durýar. Hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,7 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky ykdysady söwda 70,2 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji taryhda iň ýokary derejä ýetdi.

Hytaýyň 2023-nji ýylyň 31-nji mart ýagdaýyna Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana göni maýa goýumlary 15 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Merkezi Aziýadan barýan gaz Hytaýyň 25 welaýatyna we awtonom sebitlerine, şeýle hem Gonkong ýörite dolandyryş sebitine iberilýär. Bu bolsa 500 milliona golaý adamyň ony ulanýandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa Hytaý” sammitinde eden çykyşynda türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen gazyny Hytaýa ibermek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek hödürlenildi
Hytaý täze gaz geçiriji babatda Türkmenistany Russiýadan ileri tutýar
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Hytaýyň iň ýaş taýkonawtlar topary kosmosa ugradyldy
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HYTAÝ FORMATYNDA KÖPTARAPLY GEŇEŞMELERIŇ USULLARYNY DÖRETMEGI TEKLIP ETDI