Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky işlerine ýokary baha berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky işlerine ýokary baha berdi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Hytaýyň senagat pudagyndaky soňky gazananlaryny hem-de tehnologik çözgütlerini görkezýän mowzuklaýyn sergi guraldy.

Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda belent mertebeli myhman Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan Aýdyň gijeler milli tehnologiýa kompaniýasynyň diwarlygyna aýratyn gyzyklanma bildirdi.

Aýdyň gijeler kompaniýasy Hytaýyň elektron enjamlaryny öndürmek ulgamyndaky tehnologik ägirtleri, şol sanda Inspur Group Co., Ltd kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.Bu Hytaýyň maglumat tehnologiýalary babatda döwlet gatnaşygyndaky iň iri kompaniýasydyr. Ýerli kompaniýanyň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça menejeri Ruslan Taşowyň Inspur Group bilen hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky gürrüňi HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýerinde uly gyzyklanma döretdi.

R.Taşowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Inspur Software kompaniýasy bilen bilelikde robotyň täze görnüşini işläp taýýarlamak boýunça taslama durmuşa geçirilýär.Taraplar häzirki wagtda onuň programma üpjünçiligi bilen meşgullanýarlar.

Robotyň nusgasy eýýäm taýýar bolup, ol hormatly myhmana görkezildi. Ýakyn wagtda bu modele türkmen dilindäki binýat esasynda emeli aň ornaşdyrylar. Şeýlelikde, tiz wagtdan bu akylly önüm türkmen dilinde gürläp, pikirlenip we ulanyjylaryň isleglerini kanagatlandyryp biler.

Türkmenistanda bu iş emeli aňy ornaşdyrmak ugrunda ilkinji gadam bolup durýar.Aýdyň gijeler kärhanasynyň inženerleri bu taslamanyň ýurdumyzda robototehnikanyň täze döwrüniň başlangyjy boljakdygyna ynanýarlar.Robotyň binýadynda döredilen binýady beýleki innowasion taslamalar üçin esas bolar.

Jenap Din Sýuesýan robototehnikany ösdürmek we türkmen dilindäki emeli aňyň binýadyny döretmek boýunça türkmen hünärmenleriniň işlerine ýokary baha berdi.Belent mertebeli myhman türkmen işläp taýýarlaýjylarynyň hünär derejesine, ylmy taýýarlygyna we çuňňur bilimlerine aýratyn ünsi çekip, saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny belledi hem-de dostlukly Türkmenistanyň tehnologik ösüşine tüýs ýürekden şatdygyny bildirdi. Şeýle hem jenap Din Sýuesýan Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetine Hytaýyň tehnologiýa kompaniýalary bilen geljekde hem netijeli hyzmatdaşlygy arzuw etdi.

Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda döredildi.Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň goldawy bilen döredilen bu kärhana ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçiligiň öňdebaryjysyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip