Hytaý himiki maddalar bilen ýagyş ýagdyrmagy umyt edýär

Soňky ýyllarda dünýäde guraklygyň täsiri has ýiti duýlup başlandy. Ýer ýüzüniň käbir ýerinde suwy azalýan derýadyr köller bar bolsa, başga bir ýerde suw daşgynlary bar.Gurakçylyk Hytaýyň käbir ýerinde hem duýulýar. Ýurduň ýolbaşçylary himiki serişdeler arkaly “bulut ekişini” amala aşyryp, ýagyş ýagdyrmagy maksat edinýärler. Ýurtda dowam edýän yssy howanyň soňky 60 ýyldan gowrak wagtyň iň yssy tomsudygy bellenilýär.

Aşa yssy howa suwy bugardyp, ekinlere zeper ýetirýär.Onuň öňüni almak üçin bolsa, himiki serişdeleriň belli bir belentlikden goýberilip, bulutlaryň emele getirilmegi we ýagyş ýagdyrylmagy maksat edinilýär.Bu usul köp ýyldan bäri ygylyň wagtyndan öň ýa-da belli bir ýere ýagdyrymagy üçin peýdalanylýar.

Adamlar Çunsin şäherinde Ýanszy derýasynyň çep goşandy bolan Szýalinszýan derýasynyň guran hanasynda ýöreýärler.

Ýurtda soňky birnäçe hepde aşa yssy howa hasaba alnypdy. Ýurduň gündogaryndaky Şanhaýda 40 derejeli temperatura hasaba alyndy.Hytaýyň iň uzyn derýasy bolan Ýanszynyň suwunyň derejesi hem rekord derejede pese gaçdy.

Bu derýanyň geçýän günorta-günbatar sebitinde 66 derýanyň suwy gurapdyr. Şeýle hem Hytaýyň iň uly süýji suwly köli Poýanhu köli ýylyň şu wagtky adaty ululygynyň dörtden birine çenli azaldy.

Ýene degişli makalalar

18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Dünýä Kubogyna 68 gün galdy
Pekinde ulag-logistika ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Haçan näme oýlanyp tapyldy?
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary