Hytaý resmisi Aşgabadyň ABŞ-nyň syýahat çäklendirmesi baradaky aladasyna reaksiýa bildirdi

Hytaý resmisi Aşgabadyň ABŞ-nyň syýahat çäklendirmesi baradaky aladasyna reaksiýa bildirdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Türkmenistanyň golaýda ABŞ-nyň girizen bölekleýin syýahat çäklendirmeleri barada bildiren aladalaryna Pekiniň reaksiýasyny bildirdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wejkili Lin Jian dördünji gün “Global Times” neşiriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ABŞ-nyň 7 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryna bölekleýin syýahat çäklendirmelerini girizmeginden alada bildirip eden beýanaty baradaky soragyna jogap bereninde, Hytaýyň hemişe adamlar, halklar arasynda guralýan gönümel baryş-gelişleriň halkara gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň esasyny goýýandygyna, ähli taraplaryň umumy bähbitlerine we isleglerine hyzmat edýändigine ynanandygyny nygtady.

Töwerekleýin, hemme taraplaýyn strategiki hyzmatdaşlar hökmünde, Hytaý Türkmenistan bilen iki ýurduň arasyndaky serhetaşa syýahaty has aňsatlaşdyrmak ugrunda işlemäge taýýar diýip, Lin hepdäniň dördünji günlerinde yzygiderli ýagdaýda geçirýän metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan amerikan prezidentiniň Birleşen Ştatlara girişi bölekleýin çäklendirmek barada gelen kararyna “alada” bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 10-njy iýunda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Aşgabat ABŞ-nyň türkmen raýatlarynyň Birleşen Ştatlaryň çägine girmegine bölekleýin gadagançylyk girizmek baradaky kararyna “aşa düşünişmezlik” we “alada” bilen garaýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 4-nji iýunda gol çeken we 9-njy iýunda güýje giren kararyna laýyklykda, ýedi ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara hemişelik, syýahatçy ýa-da student wizasy bilen gelmek gadagançylygy girizilýär.

Amerikan häkimiýetleriniň düşündirişine görä, bu çäreler käbir ýurtlaryň raýatlarynyň ABŞ-nyň wiza düzgünlerini köpçülikleýin bozmagy bilen baglylykda kabul edildi. Ýöne bu sanawa Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan diňe Türkmenistan goşuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ak tam onlarça ýurduň raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan etmekçi bolýar, sanawda Türkmenistan hem bar Reuters
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?