Hytaý Ýünhay-1 meteorologik hemrasyny uçurdy

Hytaý Ýünhay-1 meteorologik hemrasyny uçurdy

Hytaý düýn, 21-nji sentýabrda atmosfera, deňiz we älem gurşawyna gözegçilik etmekde ulanylýan üçünji Ýünhay-1 hemrasynyň üstünlikli uçuşyny amala aşyrdy.

Sinhua habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Ýünhay-1 03 hemrasynyň uçuşy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmodromyndan Long March-2D raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.Hemra goýberilenden soň, meýilleşdirilen orbital pozisiýasyna çykaryldy. Şanhaýyň älem uçuşlarynyň tehnologiýasy akademiýasynda (SAST) işlenip taýýarlanan hemra ylmy barlaglar we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça barlaglar üçin ulanylar. Ýünhay-1 hemralarynyň birinjisi 2016-njy ýylyň noýabrynda, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň sentýabrynda goýberilipdi.

Long March (“Çançžen”/ “Beýik ýörüş”) tapgyrlaýyn raketa göterijiler üçin bu goýberiliş hasap boýunça 438-njidir.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Aýyň ýüzüne gonmagy başardy
Hytaý Aýda baýdagyny dikdi
Ilkinji gezek uçurdy
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi