Hytaý Zhongxing-9B hemrasyny üstünlikli uçurdy

Hytaý Zhongxing-9B hemrasyny üstünlikli uçurdy

Hytaý penşenbe güni Siçuan welaýatynyň günorta-günbataryndaky Siçang kosmodromyndan "Zhongxing-9B" hemrasyny üstünlikli uçurdy. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesine salgylanyp, TASS habar berdi.

Hemrany alyp barýan “Long March-3B” raketa-daşaýjysy Pekin wagty bilen sagat 19:50-de (Aşgabat wagty bilen 16:50) uçuş meýdançasyndan uçuryldy. Enjam bellenilen orbita üstünlikli çykmagy başardy.

Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň berýän maglumatlarynda hemranyň maksady barada anyk bir zat aýdylmaýar. Häzirki uçuryşyň “Long March seriýaly raketa-daşaýjylaryň orbita 388-nji uçuşydygy bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, HHR milli kosmos maksatnamasyny işjeň ösdürýär, meteorologiýa, telekommunikasiýa we nawigasiýa hemralary döredýär, şeýle hem asman jisimlerini, hususan-da Aý we Marsy öwrenmek üçin kosmos gämilerini uçurmagyny dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Aýyň ýüzüne gonmagy başardy
Hytaý Aýda baýdagyny dikdi
Ilkinji gezek uçurdy
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy