Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi

Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi

Dünýäniň iň beýik 100 binasynyň tas ýarysynyň ýerleşýän ýeri bolan Hytaýda beýikligi 500 metrden ýokary bolan diňleri gurmak gadagan edildi. "South China Morning Post" gazetiniň habar bermegine görä, muňa soňky üç onýyllykda iň beýik bina ady üçin ýaryşyň binalaryň howpsuzlygyny howp astyna goýmagy we ofisleriň sanynyň has köpelmegi sebäp boldy diýip, ren.tv belleýär.

Indi beýikligi 500 metrden gowrak bolan täze binalaryň gurluşygyna rugsat berilmejekdigi bellenilýär.Beýikligi 250 metrden geçýän binalaryň sany gaty çäkli bolmaly, beýikligi 100 metrden gowrak bolan binalar bolsa ölçege we ýangyn söndüriş mümkinçiliklerine doly laýyk gelmeli diýip, Milli ösüş we özgertmeler komissiýasy (NDRC) habar berýär.

Häzirki wagtda Hytaýyň iň beýik diňi beýikligi 632 metr bolan Şanhaý diňidir.Bu bina Dubaýdaky beýikligi 828 metr bolan Burj Halifa diňinden soň ikinji ýerde durýar. Ýatlap geçsek, maý aýynyň ikinji ýarymynda Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Şençžen şäherinde beýikligi 356 metr bolan SEG Plaza diňi yrgyldap başlady. Şol wagt binada 15 müň töweregi adam bardy, olar 90 minutda ewakuasiýa edildi.

Ýene degişli makalalar

Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi
Birleşen Arap Emirlerinde Prezident Erdoganyň Sapary Üçin Uly Taýarlyk Görülýär
Iň beýik myhmanhana açyldy
Şanhaýda dünýädäki iň beýik restoranly myhmanhana açyldy
Şanhaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy