Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler

Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdiýewiň Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Çžan Çžen bilen bolan duşuşygynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyny geçirmek we bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen bagly meseleler ara alnyp masalahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen diplomaty Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyny geçirmegiň möhümdigini belledi. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, bu ýyl beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bellenilýär. Gündogar beýik akyldarynyň şanly ýubileýi mynasybetli Pekiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň goldawy bilen onuň goşgularynyň hytaý diline terjimesi taýýarlanýar.

Parahat Durdiýew Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasy bilen bilelikde Medeniýet ýylynyň çäginde dürli çäreleri guramagy teklip etdi. Şeýle-de türkmen tarapynyň teklip eden başlangyçlarynyň arasynda Hytaýda Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylmagy we Beýik Ýüpek ýoly baradaky spektaklyň görkezilmegi hem bar.

Çžan Çžen Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak taryha eýedigini belläp, medeniýet we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly orny barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Hytaýyň Medeniýet ýylynyň gazanan ägirt uly üstünligine ünsi çekdi. Şeýle-de 22 26-njy aprel aralygynda Şandong welaýatynda geçiriljek daşary ýurt diplomatlary üçin her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen çärä türkmen ilçisini çagyrdy.

Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynyň şu ýylyň tomsunda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy
“DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” — HALKARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE FILOSOFIÝASY
Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ВСТРЕТИЛСЯ С ГЕНЕРАЛЬНЫМ СЕКРЕТАРЁМ ШАНХАЙСКОЙ ОРГАНИЗАЦИИ СОТРУДНИЧЕСТВА
Çžan Min: Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir
Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş saparyny tamamlap, ýurdumyza gaýdyp geldi