Hytaýly alymlar Garagumdaky Bokurdak obasyna baryp gördüler

Hytaýly alymlar Garagumdaky Bokurdak obasyna baryp gördüler

Sinszýan Ekologiýa we geografiýa institutynyň we onuň Beýik Ýüpek ýoly üçin Ýaşyl ösüş gözleg merkeziniň, şeýle hem Hytaýyň Ylymlar akademiýasyna degişli Geologiýa we geofizika institutynyň we Akademiýanyň beýleki ylmy institutlarynyň hünärmenleri ýakynda Türkmenistana baryp, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we ýurduň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutlarynyň işgärleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berlişi ýaly, hytaýly alymlar Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäginde Aşgabat şäherinden 91 kilometr demirgazykda, Aşgabat — Daşoguz ýolunyň ugrunda ýerleşýän Bokurdak şäherçesine syýahat etdiler. Bu obanyň ýüz ýyldan gowrak resmi taryhy bardyr diýip, çeşme belleýär.

Bokurdak şäherine syýahat wagtynda meýdan pikir alyşmasy geçirildi.Hytaý wekiliýetiniň agzalary — Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Sinszýan ekologiýa we geografiýa institutynyň baş müdiri, ylymlaryň doktory, professor Jang Ýuaming, şeýle hem Halkara ylmy guramalar birleşiginiň gaznasynyň Prezidenti, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň akademiki bölüminiň prezidenti, Himiýa institutynyň nano ylymlary boýunça öňdebaryjy alym Baý Çunli türkmen çöl ylymlarynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.

Olar çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna we biodürlüligi gorap saklamaga garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ylmy hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

Bilelikdäki meýdan gözlegleri, Aral deňzi we howanyň meseleleri boýunça bilelikdäki daşky gurşaw, ylmy we tehniki meýilnamalary durmuşa geçirmek, Merkezi Aziýa, Hytaý we beýleki goňşy ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmek arkaly magistr programmalarynda hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçiligi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşlikde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda gurak we ýarym gurak ýerlerde ekoulgamlaryň işleýşini öwrenmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde bellenildi.

Şeýle hem alymlar topary öňünde ýaş miweli pisse agaçlary ösüp oturan çöl meteorologiýa bekedine baryp gördüler.

Çeşme: newscentralasia.net

Ýene degişli makalalar

Sinszýan uýgur awtonom sebitinde 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
04.07.2017 | Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy
Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
11.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti: innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir
27.02.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Diplomatlaryň, jahankeşdeleriň we söwdagärleriň goşandy