Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Taraplar özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşykda Galkynyş gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda Hytaýyň dünýä belli CNPC kompaniýasy bilen bilelikdäki işiň netijeli häsiýeti bellenildi.

Ýene degişli makalalar

HHR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy kitap sowgat berdi
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Wizasyz syýahat, maýa goýumlary we duşuşyklar Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda "hyzmatdaşlygyň täze eýýamy" yglan edilýär
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ (BSG) ÝOLBAŞÇYLYGY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYKLARY BARADA MAGLUMAT